turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87
Biz barada
Ýurdumyzda bar bolan we gelip gidýän ähli gymmatlyklaryň hasabyny ýöretmek we olar bilen işlemek maksady bilen 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy Türkmenistanyň Merkezi bankynda Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky bölüm hökmünde esaslandyryldy.
Gaznanyň düzümine Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Türkmenaltyn” zawody, Aşgabatda “Zümerret” zergärçilik önümleri merkezi, “Türkmenaltyn” zergärçilik merkezi, Balkanabat şäherinde “Göwher Türkmenaltyn”, Mary şäherinde “Tumar-Türkmenaltyn”, Türkmenabat şäherinde “Altyn Älemi” zergärçilik şahamça dükanlary girýärler.
“Türkmenaltyn” zawodynda ýüzükdir gulakhalkalar, bilezikler, asmalar, gülýakalar, bukawlar, monjuklar, zynjyrlar, döşe dakylýan nyşanlar ýaly önümleri toplumlaýyn öndürmek bilen çäklenmän, milli sungatyň taryhy äheňlerini durkuna siňdiren nepis şaý-sepler, şeýle-de, syrçadyr tebigy daşlary peýdalanmak arkaly taýsyz owadan sowgatlyklar taýýarlanylýar.
Halkymyz üçin zergärçilik önümlerini ýörite kataloglar arkaly sargyt etmek mümkinçiligi döredilen. Sargytlary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň şahamça dükanlary kabul edýär we “Türkmenaltyn” zawodynda bellenilen möhletde ýerine ýetirýär. Mundan başga-da sargytlar diňe bir kataloglaryň üsti bilen däl-de eýsem müşderileriň aýratyn öz islegine görä, (eksklýuziw) zergärçilik önümleri, gaznanyň “Zümerret” zergärçilik önümleri merkezinde hem ýasalýar.
Ýurdumyzyň her bir raýatynyň islegini kanagatlandyrmak biziň borjumyzdyr! Dükanlarymyzyň gapysy siz üçin hemişe giňden açykdyr!