21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmen milli şaý-sepleriniň taryhy

Türkmeniň şaý-sepleri türkmen halkynyň milli sungatynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan inçeden nepis bu täsin sungatyň entäk üsti açylmadyk syrlary örän köpdür.
Gadymy zergärler öz senedinde altyn bilen kümüşi, gymmat bahaly daşlary örän ussatlyk bilen utgaşdyryp ulanypdyrlar. Olaryň ýasan şaý-sepleri sungatyň aňrybaş nusgasyna öwrülip, özüniň gaýtalap bolmajak üýtgeşik reňkli, birkemsiz ýasalyşy, gaşdyr-haşam çyzgylarynyň örän takyklygy, şelpe-düwmeleriň dakylşynyň üýtgeşik özboluşlylygy bilen adamlary häli-häzirem haýran galdyrýar.
Elinden dür dökülýän ussadyň zehinine zor salyp ýasan, başga hiç bir milletde duş gelmeýän şu ajaýyp şaý-sepleri diňe bir bezeg üçin hem niýetlenilmändir. Olaryň ýüzüne çekilen nagyşlaryň, megerem, olary dakynanlary gözden-dilden, jadylanmakdan, kakyn-silkinden, şeýtanyň, arwah-jynlaryň zyýanly täsirinden goramak, bagt getirmek ýaly manylaram bolsa-da bolandyr.
Gymmat bahaly daşlaryň fiziki-himiki häsiýetlerine näbelet bolan gadymy türkmen zergärleri, megerem, süňňüň bilen syzmak ýaly ýollar arkaly olaryň onuň täsirine göz ýetirip, soňra olary keramat bilen baglaşdyrandyr. Onsoň örän zehinli şol zergärleriň bütin yhlasyny siňdirip, çeper elleri bilen ýasan şaý-sepleri gelin-gyzlary özüne bendi edip, megerem, olaryň ýüreklerine teselli berendir, kalplarynda ynam hem umyt duýgusyny döredip ruhlandyrandyr. Bu bolsa olaryň özleri düşünmezden, köre-körlük bilenem bolsa, garaz her niçigem bolsa, şol uzak gadymyýetde ýaşap öten gelin-gyzlaryň ýeňil bolmadyk gündelik durmuşynda möhüm orny eýeläp, megerem, täsirli melhem bolup hyzmat edendir diýiläýse-de ýalňyşmazmykak diýýäris.
Asyrlar boýy nesilden-nesle geçirilip gelnen şu hünär bilen meşgullanan ussat zergärleriň onlarça arkasy çalşyp, şu nepis sungaty erjellik bilen irginsiz kämilleşdirip, kaşaňlyk derejesiniň arşyna çykaryp bilipdirler.
Megerem, “şägirt halypasyndan ozdurmasa, kär ýiter diýen pähimden ugur alan gadymy halypa zergärler eý görülýän bu hünäriň, elbetde, irnik zähmetde hem çuňňur oýlanmalarda geçilen ýolunda gazanan ussatlyklaryny, şu täsin hünäriň inçe syrlaryny şägirtlerine ýetirmäge çalşyp, olara degerli sapaklar berip, galyberse-de, olar bilen bilelikde arman-ýadaman kelle döwüp, nagyşlaryň täze şekilleriniň, şaý-sepleriň üýtgeşik nepis görnüşleriniň haşamlanyşynyň hem reňk-suw berlişiniň hilini gowlandyrmagyň üstünde gözleriniň köküni gyryp, dümtünip, olary diýseň göwnejaý tapmagy hem başarypdyrlar. Şol sebäpli-de türkmen zergärleriniň elinden çykan şaý-sepler göreni özüne maýyl edip, olary haýran galdyrýar, göwünlerini göterýär, özüne bendi edýär, kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär.
Türkmen şaý-sepleri esgerleriň söweş esbaplaryny- olaryň demir sowudyny ýadyna salýar.Gyzlaryň tahýasyndaky çekelikli we ýeňselikli şelpeli kümüş gupba tuwulgany, gülýakadyr-dagdan, bukaw hem gözüňi gamaşdyrýan kümüş appasylar sowudy, bilekden tirsege ýetip duran bilezik bolsa polat goşarlyklary ýadyňa salýar.
Gadymyýetiň batyr, garadan gaýtmaz gyzlary-amazonkalar türkmen topragynda dörapmiş diýlip köne rowaýatlarda aýdylýar. Şol wagtlar zabun, açgöz duşmanlaryň gurşamagynda bolan türkmenler häli-şindi üstüne dökülip duranlara garaw bermäge mejbur bolupdyrlar. Şol aldym-berdimli, gan döküşikli söweşlere aýal-gyzlaryň hem gatnaşýan wagty seýrek bolmandyr. Şonuň üçin-de hälki rowaýatda aýdylýan zatlaryň janynyň bar bolaýmagam örän ähtimalydyr.
Türkmen zergärleri diňe aýal-gyzlar üçin däl-de, çagalar, söwer aty üçin hem şaý-sepleri, pyçak, hanjar üçin gynlary, gylyçlar üçin baljaklary, haşamlanan sowuk ýaraglaryň dürli görnüşlerini, erkek kişileriň guşaklaryny, nakysja gapjyklardyr-keramatly Gurhan göterilýän heýkel torbajyklary hem ýasapdyrlar.
Türkmen zergärleriniň elinden çykan şaý-sepleriň örän täsin milli halyçylyk bilen utgaşyp gidýändigini we türkmen gara öýüniň bezegi bolup durýan gülli keçeleriň aýrylmaz bir bölegi bolup durýandygyny hem bellemän geçmek bolmaz. Galyberse-de, zergärçilik şaý-sepleri aýal-gyzlaryň milli egin-eşikleri, dokmaçylyk hem-de täsin, nepislilik bilen ýerine ýetirilýän gaýma nagyş çekmek bilen hem gös-göni baglanyşyklydyr.
Türkmen jemgyýetinde aýal-gyzlara aslynda aýratyn sarpa goýlupdyr, olara üns berilipdir we hormat goýlupdyr. Türkmen edebiýatynyň klassigy Magtymguly öz goşgularynda diňe bir olaryň gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, eýsem özi hem zergär bolansoň, altyn çaýylan kümüşden olar üçin ajaýyp şaý-sepleri hem ýasapdyr. Ol öz goşgularynyň birinde şeýle ýazýar: “Dogdy asmanyň Zöhresi, çyn aşyga döwran bu gün, Açyldy zemin lälesi, Üşbu dünýä Reýhan bu gün”.
Nepis şaý-seplere beslenen milli egin-eşikli türkmen zenanlary hakykatdan hem örän gözeldir – özüne çekijidir, mylakatlydyr. Şu ýerde hem aýal-gyzlaryň ýene bir ajaýyp aýratynlygyny – olaryň şaý-sepleriň dürli görnüşlerine, egin eşikleriniň reňkini kybapdaş saýlap almagy başarýandyklaryny bellemän geçmek bolmaz.