Aleksandrit
Aleksandrit iň gymmatly daşlardan biridir. Ol gündizine ýaşyl, agşam bolsa emeli ýagtylygyň aşagynda gyrmyzy bolýar. Daşyň galyňlygy artdygyça reňkiň üýtgemegi has tapawutlanýar. Aleksandritiň ýeke-täk ýatagy Uralda ýerleşýär. Şeýle hem Şri-Lankada we Zimbabwede käbir ýataklary bar. Aleksandrit- dury we ýarymdury daşdyr. Sintetiki aleksandritiň nusgalary eredilen erginden ösmek usuly we Çohralskiý usuly bilen alynýar.