21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

10,5 million manatlykdan gowrak ýüplük öndürildi

Awg 22, 2024

Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji kärhanasynyň işçi-hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny zähmet üstünligi bilen garşy almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Fabrikde mata önümçiligine zerur bolan ýüplügiň öndürilişi barha artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýedi aýynda kärhana boýunça 10,5 million manatlykdan gowrak ýokary hilli ýüplük öndürildi. Fabrikde aýlyk meýilnamalar hem üstünlikli berjaý edilýär. Bu ýerde dürli görnüşli ýüplükleriň, pamyk we pamyk önümleriniň öndürilişi ep-esli artdy. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kämil tehnologiýalaryň sazlaşykly hem bökdençsiz işledilmegi şeýle ýokary önümçilik netijesini gazanmaga hem-de ýokary hilli önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Fabrikde öndürilýän önümleriň hili hemişe gözegçilikde saklanylýar. Bu ýerde ornaşdyrylan kämil ölçeg enjamlary işi anyk hem dürs berjaý etmäge mümkinçilik berýär. Pagta süýüminiň uzynlygy, reňki, çyglylygy ölçenilýär. Bu bolsa önümleriň hiliniň halkara ölçeglere laýyk gelmegini üpjün edýär.

 

Çeşme: Türkmenmetbugat