
2023-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistanda JIÖ-niň ösüşi 6,3 göterime deň boldy
Noý 15, 2023
10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabat bermegine görä, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 110,7 göterim we çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 7,4 göterim artdy.
Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, 53 sany durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, 34 sany suw we lagym arassalaýjy desganyň, 379,9 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna seljerme geçirmegiň, Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň, maýa goýumlary köpräk çekmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany Hökümet mejlisiniň barşynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Türkmenistanyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.