
2025-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň banklary nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini 35% ýokarlandyrdylar
Maý 29, 2025
Türkmenistanyň karz edaralary 2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini 6 milliard 773,9 million manada ýetirdiler. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35% köpdür. Şeýle ösüş, maliýe pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde sanly bank hyzmatlarynyň işjeň ösdürilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Has ýokary ösüş görkezijileri mobil we internet hyzmatlarynda bellendi. «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» ulgamlary arkaly degişlilikde 1721,7 müň we 12189,8 müň manatlyk amallar ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, amallar bankomatlar, terminallar we «Elektron söwda» ulgamy arkaly amala aşyryldy.
Bank ulgamyndaky toplumlaýyn özgertmeler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam edýän giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde maliýe ulgamynyň durnukly ösüşini, milli ykdysadyýetiň bazar mehanizmleriniň pugtalandyrylmagyny we ýurdumyzda geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleri üpjün edýär.
Çeşme: TDH agentligi