2026-njy ýylda Türkmenistanyň ulag infrastrukturasy: täze menziller, gämiler we awtoýollar
Mar 4, 2026
2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag infrastrukturasyna degişli birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygyny tamamlap, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Ileri tutulýan taslamalaryň hatarynda Arkadag şäherinde täze demir ýol menzili we awtomenzil, şeýle hem deňiz we ammarlyk hojalygyna degişli desgalar bar. Deňiz ulaglary ulgamynda iki sany ýük gämisiniň we bir sany deňziň düýbüni çuňaldyjy gäminiň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
“Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” Turgundy demir ýol menziliniň “gury portunda” häzirki zaman ammarlyk toplumynyň gurluşygyny, şeýle hem deňiz flotunyň “Ro-Ro” görnüşli täze gämi bilen üstüniň ýetirilmegini öz içine alýar.
Şeýle hem şu ýylda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary –Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berler.
Çeşme: "Нейтральный Туркменистан" gazeti