
Aşagabadyň meşhur seýilgähiniň durky täzeleniler
Ýan 27, 2024
Aşgabatdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň durky täzeleniler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Hökümetiň 26-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimize habar berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Aşgabadyň şähergurluşyk, binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek, paýtagtymyzy ýaşamak, zähmet çekmek, medeniýetli dynç almak üçin amatly şähere öwürmek babatda nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, seýilgähleriň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Paýtagtymyzdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň tutýan umumy meýdany 50 gektara barabardyr. Durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde bu ýerde ýerüsti pyýada geçelgeleriň ikisini, welosiped ýodalaryny, dynç alyş bassyrmalaryny, suw howuzlaryny, bassyrmaly awtoduralgalary gurmak hem-de döwrebap yşyklandyryş sütünlerini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de seýilgähiň çäginde ýaşyl zolaklary döretmek, abadanlaşdyrmak işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu günki gün Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbiniň has-da gözelleşýändigini belledi. Paýtagtymyzda ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabatdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähini döwrebap ýagdaýa getirmegiň, bu bag-bossanly künjekde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ähli şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belläp, onuň ak şäherimiziň binagärlik keşbine laýyk gelmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.