turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87
Aşgabat we Stambul ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy nygtadylar
Mar 25, 2026
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul ş.) Baş konsullygynyň edara binasynda 2026-njy ýylyň 24-nji martynda Baş konsul Öwezgeldi Jumanazarowyň Stambulyň gubernatory Dawut Gül bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostluk, hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly myhman Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bilen tanyşdyryldy hem-de bu eser oňa sowgat berildi.