21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Aşgabatda beýik şahyr Aleksandr Puşkiniň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Iýn 8, 2026

Aşgabatda beýik şahyryň doglan güni bolan 6-njy iýunda her ýyl bellenilýän Halkara rus diliniň gününde Aleksandr Puşkiniň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Çärä Russiýanyň, Belarusyň, Eýranyň, Hytaýyň we Täjigistanyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, şeýle hem A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumy orta mekdebiniň mugallymlarydyr okuwçylary we türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

«Aleksandr Sergeýewiç Puşkin rus edebiýatyny örän ýokary derejä galdyrdy, rus diliniň baýlygyny dünýä görkezdi, durmuşymyzyň dürli temalaryny we iň inçe taraplaryny goşgy setirleriniň üsti bilen açyp görkezmegi başardy» diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçi-wekili Aleksandr Wasilýew çäräniň dowamynda eden çykyşynda belledi.

Baýramçylyk çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary şahyryň goşgularyny okadylar we edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler.