Aşgabatda gender deňligini ilerletmek boýunça maslahat geçirildi
Mar 27, 2026
Aşgabatda 26-njy martda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, birnäçe döwletleriň wekilleri, žurnalistler gatnaşdylar.
Çykyşlarda Türkmenistanyň zenanlaryň hukuklary we gender deňligi ulgamyndaky halkara borçnamalary, bu ugra degişli halkara konwensiýalaryň düzgünlerini yzygiderli ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işlerine üns berildi.
Gender deňliginiň ähli ugurlarynyň kanunçylyk esaslaryny berkitmek we ony kämilleşdirmek meseleleriniň häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýandygy barada aýdyldy.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar gender deňligini pugtalandyrmakda alnyp barylýan işleri giňeltmek, zenanlaryň hukuklaryny goramagyň milli usullaryny kämilleşdirmek, parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri hakynda pikir alyşdylar. Şunda gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň nobatdaky tapgyryny (2026 — 2030-njy ýyllar) durmuşa geçirmäge degişli soraglara aýratyn üns çekildi.