turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87

Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi geçiriler
Okt 18, 2023
11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Seulda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň Kätipliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 14-nji mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisiniň hem-de onuň çäklerinde boljak çäreleriň guramaçylyk, şeýle hem Forumyň gün tertibinden gelip çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.