21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady

Few 11, 2026

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda 10-njy fewralda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň nobatdaky sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Türkiýäniň kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp barmak bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýandyklaryny, işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýändiklerini nygtaýar.

Dabarada Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat çykyş edip, sergini geçirmäge döredilen ajaýyp şertler hem-de türk wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Söwda-senagat edarasynyň giň zalynda Türkiýäniň senagat mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan 100-den gowrak kompaniýa öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň hatarynda çalt depginler bilen ösýän kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri, ägirt uly senagat kärhanalary bar. Senagat, maşyn gurluşygy ulgamyna ýöriteleşen kompaniýalaryň diwarlyklary myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekýär. Türkiýeli önüm öndürijiler önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak üçin niýetlenen enjamlaryň we tehnologik ulgamlaryň iň täze görnüşlerini tanyşdyrýarlar.

Däp bolşy ýaly, Türkiýäniň azyk senagatyna degişli düzümleri dürli görnüşli önümleri bilen tanyşdyrýar. Şolaryň hatarynda diňe bir taýýar önümler bolman, eýsem, azyk önümleriniň terligini we hilini saklamaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy gaplama enjamlary-da bar. Bu ulgamda tejribe alyşmak ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli harytlar bilen bolelin üpjün etmäge ýardam berýär.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti