21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Aşgabatda türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Dek 8, 2023

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýanyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Gotsburg we Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-awtsriýa hyzmatdaşlygynyň derejesi barada içgin gyzyklanma eýe bolan pikir-alyşmalar gurnaldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň ýokary depginini belläp, iki döwletiň işewürler jemgyýetleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada maslahatlaşdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi