21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy gurlar

Awg 26, 2023

25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 7 aýyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Bilim ministrligine Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda 5 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany institutyň binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.Habar berlişi ýaly, gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi