21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli uly göwrümli çäreler geçirilýär

Sen 27, 2025

Aşgabatda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi geçirildi.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýaşulular, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreler dowam edýär.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti