Aşgabatda Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi
Maý 20, 2026
Aşgabatda 19-njy maýda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Ýewraziýa toparynyň başlygynyň ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet ministri bilen bolan duşuşygynda bu düzümiň ulgamlaýyn işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, utgaşdyryjy pudagara iş toparynyň maksatnamalaýyn çärelerine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.
Forumyň çäklerinde Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň tehniki ýardam bermek boýunça iş toparynyň mejlisi boldy. Onuň dowamynda Ýewraziýa toparyna agza ýurtlaryň terrorçylyga we ony maliýeleşdirmäge garşy göreşmekde alyp barýan işlerine garaldy hem-de terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek bilen bagly ulgamdaky meseleleriň wajyp ugurlary kesgitlenildi.
Soňra bu ýerde Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň Halkara okuw-usulyýet merkezleriniň assosiasiýasyna gatnaşyjylaryň umumy ýygnagy boldy. Onda Ýewraziýa toparynyň terrorçylyk howpunyň peseldilmegine, milli maliýe ulgamlarynyň aýanlygynyň, ygtybarlylygynyň, howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, sebitiň döwletleriniň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça halkara derejede alyp barýan işine üns berildi. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda bu möhüm meseläniň oňyn çözgüdi, şol sanda terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça gepleşikleri geçirmek we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek arkaly amala aşyrylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar.