21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Aşgabatda yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­re bagyşlanan hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Mar 27, 2026

Paý­tag­ty­myz­da­ky “Ar­ça­bil” myh­man­ha­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di.

Çä­re­de dün­ýä ýurt­la­ry­nyň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýet­le­ri, Hal­ka­ra Gy­zyl Haç Ko­mi­te­ti­niň we Gy­zyl Haç hem-de Gy­zyl Ýa­ry­maý jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu gu­ra­ma­lar bi­len al­nyp ba­ryl­ýan bi­le­lik­dä­ki iş­ler Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýe­ti­niň iş­gär­le­ri­niň we meý­le­tin­çi­le­ri­niň bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga şert dö­red­ýär.

Çy­kyş­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, TGÝMJ-niň alyp bar­ýan iş­le­ri Gy­zyl Haç we Gy­zyl Ýa­ry­maý jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň yn­san­per­wer­lik, özyg­ty­ýar­ly­lyk, meý­le­tin­lik ýa­ly esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Bu bol­sa ka­bul edi­len çöz­güt­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ma­gy ug­run­da­ky bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.

Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni öz içi­ne alan çä­rä­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi üçin Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylaryna çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Şeý­le-de olar me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ma­gy ug­run­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti