Astanada Türkmenistanyň möhüm wakalaryna bagyşlanan "tegelek stol" duşuşygy geçirildi
Mar 24, 2026
Astana şäherindäki L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly "tegelek stol" duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýaşlar syýasaty babatda durmuşa geçirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de çärä gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda köp ýyllaryň dowamynda emele gelen diplomatik gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady hem-de durmuş-medeni ugurlarda çuň strategik hyzmatdaşlyga öwrülendigini bellediler.
Öz çykyşlarynda türkmen talyplary Türkmenistanyň abraýyny arşa galdyrjakdyklaryny, halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrjakdyklaryny hem-de halkara akademiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşjakdyklaryny nygtadylar.
Şeýle-de ýokary okuw mekdebinde bilim alýan daşary ýurtly talyplar ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklar we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň geljegini ýakynlaşdyrýan möhüm köpri bolup hyzmat edýändigini bellediler.