21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Awtomatlaşdyrylan ulgam ― ygtybarly gorag

Dek 18, 2023

Döwrebap iş usullaryny we müşderileriniň hoşallygyny ähli zatdan ilerde goýýan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy hyzmatlaryň esasy iki ugruny hödürleýär. Şolaryň biri zergärçilik hyzmatlary bolsa, ikinjisi awtomatlaşdyrylan depozit ulgamydyr.

Gazna diňe bir ildeşlerimize zergärçilik hyzmatlaryny bermän, eýsem, olaryň gymmat bahaly şaý-seplerini we beýleki gymmatlyklaryny (gymmat bahaly kagyzlar, resminamalar we ş.m.) ygtybarly saklap bermek hyzmaty bilen hem meşhurdyr. Häzirki wagtda bu ygtybarly hyzmatdan peýdalanýan watandaşlarymyzyň sany gün geçdigiçe artýar.

Eýsem, awtomatlaşdyrylan depozit ulgamy nähili işleýär? Ilki bilen bu ulgamyň robotlaşdyrylan gazna bolup, müşderi tarapyndan goraga goýuljak gymmatlyklaryň jebis ýerleşdirmesini we depozit öýjükleriň goraglylygyny üpjün edyändigini aýtmak gerek. Awtomatlaşdyrylan ulgam öýjükleriň 416-syndan ybarat. Ulgam bu öýjükler arkaly ygtybarly goragy üpjün edýär. 

Munuň üçin ulgamda ýörite gap we her bir müşderi üçin elýeterli terminal ornaşdyrylandyr. Gaznanyň müşderileri öz depozit öýjügine barmak mümkinçiligini iş, dync alyş we baýramçylyk günleri ýöriteleşdirilen iş otagynda amala aşyrýarlar. Müşderi magnit kartyny ulanyp, PIN-kodyny görkezse, onuň sargydy awtomatiki usulda çykyş terminalynyň üsti bilen ýerine ýetirilyär.

Bu ygtybarly gorag müşderilerimizde belent ynam döredip, gymmatbaha şaý-sepleriniň kepilligini üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň karz we maliýe edaralaryndan edýän talaplaryny aňryýany bilen ödemek üçin gaznanyň işine yzygiderli täzelikler ornaşdyrylýar. Gazna bu işleri geljekde-de dowam etdirip, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri bilen hyzmatlarynyň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär.