21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Bank ulgamynda türkmen-özbek gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Mar 2, 2024

29-njy fewralda Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisi Ş.Meredowyň Özbegistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary B.Abubakirow bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda söwda we ykdysady ugurda türkmen-özbek özara gatnaşyklarynyň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi. Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky bankara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň banklarynyň arasynda meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi