21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Birnäçe döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutladylar

Mar 26, 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşlerinden Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlag hatlaryny aldy.

“Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dostlukly halklarymyzyň bähbidine, şeýle hem Merkezi Aziýada, Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň hatyrasyna mundan beýläk-de ähli ulgamlarda üstünlikli ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin öz gutlag hatynda ýazdy.

“Öz adymdan hem-de Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik ahlak taglymlaryny alamatlandyrýan bu mübärek bahar baýramy ruhy tämizlige, döredijilige, sazlaşyga ýardam berýär, kalplarymyzy şatlyk, bagtyýarlyk we röwşen geljege umyt bilen doldurýar” diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hatynda belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentini Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagintaýew, GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Kuzmin we Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade gutladylar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti