21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Birža söwdalarynda 37 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Dek 23, 2024

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Owganystanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri guradylan buýan köküni we buýan köküniň baldagyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy.

Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 28 million 843 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny, nah we pagta galyndylaryny, pagta lintini satyn aldylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi