turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87

Birža söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy
Dek 16, 2024
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Türkiýäniň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine buýan köki, jins matasy we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 167 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 5 million 86 müň manatdan gowrak bolan portlandsementi, float aýnasyny satyn aldylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi