Bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk Türkmenistanda geçirilen forumyň üns merkezinde boldy
Maý 13, 2026
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynda 12-nji maýda «Türkmenistan we halkara hukugy: bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat guraldy. Bu foruma ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, meşhur daşary ýurtly alymlar hem-de uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Maslahatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe süren ähmiýetli başlangyjy aýratyn ara alyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklipli başlangyjyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde hem-de döwletara gatnaşyklarda BMG-niň Tertipnamasynyň esaslaryny pugtalandyrmakda uly orun tutýandygy bellenildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyş edip, ýurdumyzyň halkara hukugyň hökmürowanlygyny we öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerini yzygiderli goldaýandygyny nygtady. Türkmenistan parahatçylykly dialog arkaly köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýär.
Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar 2028-nji ýylyň «Halkara hukugyň ýyly» diýlip yglan edilmeginiň dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmakda we halkara gatnaşyklaryň hukuk binýadyny kämilleşdirmekde taryhy ädim boljakdygyny bellediler.