21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Maý 29, 2025

28-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary guramaçylyk-protokol häsiýetli meseleleriň giň toplumy, şeýle-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) mazmuny babatda pikir alyşdylar.

Şunuň bilen birlikde, plenar mejlisleri, tegelek stollary, forumlary we başga-da parallel çäreleri geçirmek üçin degişli ýerleri taýýarlamak boýunça işleriň gidişine jikme-jik seredilip geçildi.

Duşuşykda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde bu Maslahatyň ýokary ähmiýeti nygtaldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi