
BSG-niň we HPG-niň wekilleri Aşgabatda talyplaryň we mugallymlaryň öňünde çykyş etdiler
Noý 9, 2023
7-nji noýabrda Bütindünýä Söwda Guramasynyň we Halkara Pul Gaznasynyň wekilleri Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary üçin ykdysadyýet hem-de maliýe ugurlary boýunça birnäçe leksiýa kurslaryny geçirdiler. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» habar berildi.
Leksiýalar Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirildi. Kurslara institutyň talyplaryndan we mugallymlaryndan başga-da, beýleki birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Hünärmenleriň çykyşlarynyň mowzuklary, esasan, durnukly makroykdysady ösüş we Bütindünýä Söwda Guramasynyň işi bilen baglanyşykly boldy.
Diňleýjiler BSG-niň dörediliş taryhy, esasy iş ýörelgeleri we gurluşy, şeýle hem Türkmenistan bilen Guramanyň mundan beýläkki hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen tanyşdyryldy.
HPG-niň wekilleri «Sebitiň ykdysady ösüşiniň geljegi» mowzugy boýunça çykyş etdiler, sebitiň makroykdysady görkezijileri, mundan beýläk hem ösmegi üçin zerur şertler barada söhbet etdiler.
Leksiýa okuwyny tamamlandan soň, BSG-niň we HPG-niň wekilleri mugallymlaryň we talyplaryň soraglaryna jogap berdiler. Myhmanlar üçin Ykdysadyýet we dolandyryş institutyna tanyşlyk gezelenji hem guraldy.
Çeşme: «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti.