Türkmenistanyň milli parlamentiň işi halkara standartlara laýyklykda kämilleşdirilýär
Iýl 4, 2026
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 3-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Maslahatyň barşynda Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada maglumat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Häzirki wagtda döwletimiziň ileri tutulýan ugurlaryna we halkara tejribä daýanyp, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hem-de halkara şertnamalary hukuk taýdan goldamak boýunça täze kanun taslamalary taýýarlanylýar. Şeýle hem hereket edýän birnäçe kodekslere we kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, türkmen parlamentarileri kanunçykaryjylyk ugurda tejribe alyşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynda we Awstriýada iş saparlarynda boldular. Olar HHR-nyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan guralan okuw maslahatyna hem-de ÝHHG-nyň guramagyndaky ýörite duşuşyga gatnaşdylar. Şonuň ýaly-da, milli parlamentiň wekilleri BMG-nyň Çagalar gaznasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň başlangyjy bilen guralan maslahatlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz maglumaty diňläp, ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da berkitmegiň we kanunçylyk işini halkara standartlara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belledi we bu ugrundaky işleri işjeň dowam etdirmegi tabşyrdy.