21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň wekiliýeti Bangkokda geçirilen ekologiýa forumyna gatnaşdy

Iýl 20, 2026

13 — 17-nji iýuly aralygynda Taýland Patyşalygynyň paýtagty Bangkok şäherinde Ozon gatlagyny weýran ediji maddalar boýunça Monreal protokolynyň Taraplarynyň açyk düzümli işçi toparynyň 48-nji mejlisi (OEWG-48) hem-de Taraplaryň Altynjy adatdan daşary duşuşygy (ExMOP6) geçirildi. Bu abraýly halkara forumlarynyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyklaryň barşynda döwletleriň wekilleri Monreal teswirnamany we Kigali düzedişini mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletleriň wekilleri ozon gatlagyny goramak hem-de Kigali düzedişiniň ýerine ýetirilişi bilen bagly işjeň ylmy, tehniki we guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Howadaky sazlaýjy maddalaryň sebitleýin gözegçiligini güýçlendirmäge, sowadyjy we howa degişli enjamlarynyň energiýa täsirliligini ýokarlandyrmaga, şeýle-de ozon gatlagyny goramak babatyndaky kanunçylygy kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Mejlisiň dowamynda sowadyjy serişdeleriň dikeldilmeginiň, gaýtadan işlenilmeginiň we howpsuz ýok edilmeginiň, sowadyjylyk pudagynyň hünärmenlerini taýýarlamak we sertifikatlaşdyrmak işiniň, durnukly sowatmak işinde tebigy sowadyjy serişdeleriň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyň meselelerine seredildi.

Duşuşyklaryň çäklerinde 2026-njy ýylyň noýabr aýynda Ruandanyň Kigali şäherinde geçiriljek Monreal teswirnamanyň Taraplarynyň 38-nji Mejlisine taýýarlyk görmek boýunça geňeşmeler geçirildi. Onuň çäklerinde Kigali düzedişiň kabul edilmeginiň 10 ýyllygynyň bellenilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň ýokarda görkezilen çärelere gatnaşmagy halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge, tejribe alyşmaga, ozon gatlagyny goramak babatynda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, şeýle-de durnukly ösüşiň ýörelgelerini ilerletmäge mümkinçilik berýär.