21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmen dizaýneri öz kolleksiýasy bilen Marokkodaky moda görkezilişinde tanyşdyrdy

Iýn 25, 2026

Türkmen dizaýneri Göwher Pirkuliýewanyň "Gowher Gouvernet" brendi Marokkanyň Tanger şäherinde geçirilen "Tanger Fashion Week 2026" halkara moda çäresine gatnaşyp, öz lybaslar toplumyny hödürledi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.

“Tanger Fashion Week 2026” 20-nji iýunda Fairmont Tazi Palace (“Tanger” köşgünde) geçirilip, dürli ýurtlardan dizaýnerleri, moda pudagynyň wekillerini, metbugat işgärlerini hem-de satyn alyjylary bir ýere jemledi.

Iýun aýynyň başynda Aşgabatda “Turkmentextile Expo - 2026” atly halkara sergisiniň çäginde uly moda sergisi geçirildi. Bu ýerde Göwher Pirkuliýewa bu çäre üçin ýörite döredilen kolleksiýasyny hödürledi.

Soňky ýyllarda türkmen dizaýneriniň kolleksiýalary Ýewropada we Ýakyn Gündogarda geçirilen birnäçe moda görkezişlerinde görkezildi. Olaryň hatarynda - Parižde geçirilen “Haute Couture Week”, Azerbaýjandaky “Oriental Fashion Show” we ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda geçirilen medeni çäreler bar.

Dizaýner zenan öz kolleksiýalarynda türkmen milli lybaslaryna mahsus nagyşlary, bezegleri we dokmaçylyk däplerini häzirki zaman modasy bilen utgaşdyrýar. Onuň işleri milli mirasyň nusgalaryny saklamak bilen bir hatarda, halkara moda bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap görnüşleri hem öz içine alýar.