«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň resminamalary BMG-de çap edildi
Noý 9, 2026
2026-njy ýylyň 7–8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň resmi resminamalary hökmünde çap edildi.
Olara aşakdaky resminamalar girýär:
· Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasy (A/81/460);
· «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogynyň Jemleýji resminamasy (A/81/461);
· «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribe» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy (A/81/459).
Agzalan resminamalaryň Birleşen Milletler Guramasynyň alty sany resmi dilinde çap edilmegi Türkmenistanda geçirilen çäreleriň netijeleriniň giň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygyny hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde ähmiýetini görkezýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi