
Döwlet eýeçiligindäki desgalaryň köp sanlysy hususylaşdyrylar
Awg 7, 2023
«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen bildirişe laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi dürli maksatly 49 döwlet emlägini hususylaşdyrmak üçin, bäsleşikli söwda geçirer.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalygy ministrliginiň, Suw serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Aşgabat şäheriniň, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleriniň binalarydyr desgalary hususylaşdyrylar.
Ýokardaky gurluşlaryň emlägini hususylaşdyrmak isleýän hususy pudagyň wekilleri has giňişleýin maglumat alyp bilerler. Söwdalar 24-nji awgustda ir sagat 10:00-da döwlet emläkleriniň sanly söwda platformasynda geçiriler. Arzalary kabul etmek we hasaba almak söwdalaryň başlamazyndan bir gün öň tamamlanýar.