Gahryman Arkadagymyz bilen Hytaýyň başlygy energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar
Mar 19, 2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi.
Si Szinpin belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi hem-de Hytaýda şu gezekki sapara ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany hökmünde garalýandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrýarlar. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylyp, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ol daşary syýasat, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, ylym, bilim ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem soňky ýyllarda syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar we parlamentara dialog giňeldilýär.
Si Szinpin Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, Hytaýyň bu teklipleri yzygiderli goldajakdygyny tassyklady.
Ýangyç-energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň wajyp ähmiýetini belledi. Şunda gaz pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gazanylan oňyn tejribesini nazara almak bilen, ýurdumyzyň iň iri gaz käninde mundan beýläk-de bilelikde iş alyp barmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy.