Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizi BMG-den gelen hoş habar bilen gutlady
Maý 23, 2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda taýýarlanan «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama dünýä döwletleriniň 47-siniň awtordaşlyk etmeginde biragyzdan kabul edildi. Şanly waka mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bütin türkmen halkynyň we Halk Maslahatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny ýollady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriň gutlag hatynda bellenilişi ýaly, bu taryhy waka hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG tarapyndan eýýäm üç gezek (1995, 2015 we 2025-nji ýyllarda) ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk döwlet bolan Türkmenistanyň halkara abraýynyň bütin dünýäde barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Täze kabul edilen resminamada ýurduň dürli ýyllarda öňe süren halkara başlangyçlarynyň we geçiren sebitara çäreleriniň wajyplygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.
Gahryman Arkadagymyz öz gutlagynda Türkmenistanyň alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy üpjün etmekde, durnukly ösüşi gazanmakda hem-de özara ynanyşmak we dialog medeniýetini kemala getirmekde örän wajyp guraldygyny nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de asylly daşary syýasat taryhynda täze rowaçlyklary arzuw etdi.