21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizi Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

Apr 7, 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

“Siziň baştutanlygyňyzda eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmäge uly ýardam berýär, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerligi has-da pugtalandyrýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň, dürli sport bäsleşikleriniň, welosipedli ýörişleriň guralmagy, şeýle hem saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ýetilen sepgitler Siziň halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan beýik işleriňiziň aýdyň mysallarydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi.

“Size Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan işlere we gazanylýan üstünliklere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr. Türkmenistan dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny, beden hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň saglygy goraýyş, ilat we ösüş ugrundaky umumy strategiýalaryny goldaýar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gutlagynda aýdýar.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw etdi.