Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen söwda-ykdysady, energetika we ulag hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy
Noý 24, 2026
2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara ulag we energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar sebit infrastruktura başlangyçlarynyň çäklerinde özara hereket etmegiň we Hazarüsti ulag arabaglanyşygyny ösdürmegiň geljegine garadylar.
Şeýle hem bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar yzygiderli syýasy-diplomatik dialogy dowam etdirmäge hem-de Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.