Türkmenistanyň döwlet gullukçylary söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar
Iýl 1, 2026
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň we diňleýjileriniň, şeýle-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda, BMG-niň Halkara söwda merkeziniň guramagynda «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy» atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahatlary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Bu çäre ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy. Okuw maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda dünýä ykdysadyýetine sazlaşykly goşulyşmak, halkara söwda gatnaşyklarynda döwrebap ýörelgeleri doly ornaşdyrmak, daşary söwda ulgamyny kämilleşdirmek hem-de milli kanunçylygy halkara kadalara laýyk getirmek boýunça degişli işler amala aşyrylýandygy bellenildi.
Geçirilen okuw maslahatynda halkara ykdysady hukuk ulgamynda dünýä derejesindäki abraýly bilermen, Sýan Sýaotun uniwersitetiniň professory Piter Wan den Boş çykyş etdi. Okuwlaryň birinji gününde «2026-njy ýylda halkara söwda we köptaraplaýyn söwda ulgamynyň çökgünligi» hem-de «Bütindünýä söwda guramasy we onuň esasy wezipeleri» atly temalar boýunça gürrüň edildi. Onda söwdanyň häzirki ýagdaýy, halkara söwdadaky näbellilikleriň sebäpleri, Bütindünýä söwda guramasynyň dörediliş taryhy, gepleşikler üçin meýdança hökmündäki orny, jedelleri çözmek ulgamy we söwda syýasatyny seljermek mehanizmi baradaky maglumatlar hakynda giňişleýin durlup geçildi.
Okuwyň ikinji gününde Piter Wan den Boş tarapyndan üçünji bölüm — «BSG-niň düzgünlerine syn» geçirildi. Bu bölümde bazara giriş, harytlar üçin tarif derejeleri, hyzmatlar boýunça borçnamalar, şeýle-de BSG-niň esasy ýörelgeleri bolan «iň oňaýly şertler düzgüni» we «milli düzgün» barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem gatnaşyjylar söwda syýasatynyň üýtgemegi boýunça amaly okuw sapagyny ýerine ýetirdiler.
Şeýle-de okuw maslahatynyň dowamynda Halkara söwda merkeziniň işgäri tarapyndan «BSG-ä goşulmak we agza bolmagyň artykmaçlyklary» temasy düşündirildi. Onda Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagyň tapgyrlary, gepleşikleriň üç esasy ugry barada jikme-jik durlup geçildi.