21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Günorta Koreýanyň Prezidenti Eýrandan raýatlary ewakuasiýa etmekde beren kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Mar 10, 2026

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çje Mýon ýurduň raýatlaryny Eýrandan çykarmakda ýardam berendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberdi.

Hatda bellenilişi ýaly, türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde Eýrandaky Günorta Koreýanyň 25 raýaty, şeýle hem olaryň maşgala agzalary bolan Eýranyň dört raýaty geçen hepde serhedi howpsuz geçip, Türkmenistanyň çägine bardylar.

Li Çje Mýon raýatlarynyň Eýrandan çykarylýan döwründe Türkmenistanyň beren goldawynyň iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we ynamyň ýokary derejesini tassyklaýandygyny aýtdy.

 

Çeşme: “The Korea Times” gazeti