Gurluşyk we senagat toplumynyň ýylyň ilkinji iki aýyndaky görkezijileri jemlenildi
Mar 7, 2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirip, 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine garady. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda gazanylan ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum boýunça umumy meýilnama 129,7 göterim berjaý edilip, ähli pudaklarda ösüş depginleri bellenildi.
Aýratynlykda alanyňda, Gurluşyk we binagärlik ministrligi meýilnamany 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi 122,3 göterim, Energetika ministrligi bolsa 109,4 göterim berjaý etdi. Şeýle hem Awtomobil ýollary ministrligi boýunça görkeziji 108,6 göterime, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça bolsa 119,4 göterime deň boldy. Esasanam, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýokary netije görkezip, meýilnamany 158 göterim amal etdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemesini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem gurluşyk kadalarynyň we taslamalaryň hiline berk gözegçilik edilmeginiň zerurdygy bellenildi.
Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak we ýollaryň gurluşygyny çaltlandyrmak barada anyk tabşyryklar berdi. Şonuň bilen birlikde, şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli tamamlanmagyna aýratyn üns berildi.