21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Halk Maslahatynyň Başlygy: Türkmenistanda soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artdy

Few 24, 2024

Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artdy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji fewralda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belledi.

“Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Dünýäde bolup geçen ykdysady çökgünliklere garamazdan, jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklandy. 2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary ösüş emele geldi. Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artdy” diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň barha artýandygyny belledi.

“Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleri barha artýar hem-de hil babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 3 esseden gowrak köpeldi” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, “içerki bazarda haryt üpjünçiligi doly kanagatlandyrylýar. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2008-nji ýylda 16 million manat bolan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 8,5 esse artyp, 140 million manada barabar boldy”.