21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Halkara bilim güni mynasybetli Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda toplumlaýyn olimpiada geçiriler

Ýan 17, 2026

Türkmenistanda Halkara bilim güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda toplumlaýyn olimpiada geçiriler. Olimpiadany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty guraýar.

Olimpiada gatnaşmaga Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we ähli welaýatlaryň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary çagyrylýar. Olimpiada dört ders: taryh, matematika, türkmen dili we iňlis dili boýunça geçiriler.

Olimpiada gatnaşmak isleýän mekdep okuwçylary 20-nji marta çenli hasaba alyş resminamasyny dolduryp, ony parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron poçta arkaly guramaçylyk toparyna ibermelidirler.

Olimpiadanyň takyk senesini we wagtyny görkezýän hasaba alyş tassyknamasy gatnaşyjylaryň elektron poçta salgylaryna 3-nji aprele çenli iberiler.

Goşmaça maglumatlary almak üçin aşakdaky telefon belgisi boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

+993 61 225597.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti