
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly — dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň maksatlary» atly maslahat geçirildi
Mar 4, 2025
Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly — dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň maksatlary» atly maslahat geçirildi. Soňky wagtlarda ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen wakalaryň ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlanan çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň, Demokratik partiýanyň wekilleri hem-de birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdy.
Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Nygtalyşy ýaly, geçen aýyň wakalary ýurdumyzda gyzyklanma bildirýän döwletler we abraýly halkara guramalar bilen birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Geçen aý parahatçylygyň üpjün edilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we döwletleriň arasyndaky ynsanperwer, ynanyşmak ruhundaky gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine gönükdirilen netijeli gepleşiklere, özara duşuşyklara baý boldy. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimanyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň, «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidiň, Bütindünýä bankynyň wekilleriniň ýurdumyza saparlarynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berdi.
Halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek ýurdumyzyň köpugurly ösüş strategiýasynyň işjeň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygy nygtaldy. Maslahatyň dowamynda ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň ähmiýetine hem üns çekildi.
Maslahatda edilen çykyşlarda şu we beýleki wakalaryň ýurdumyzyň iň täze taryhyndaky hem-de halkymyzyň durmuşyndaky ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Liderimiziň tutumly işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň geljekde hem uly üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Çeşme: Türkmenmetbugat