21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Halkara Pul Gaznasynyň Fiskal işleri boýunça müdirliginiň baş ykdysadyýetçisi türkmen talyplary üçin okuw sapagyny geçirdi

Maý 22, 2024

Halkara Pul Gaznasynyň Fiskal işleri boýunça müdirliginiň baş ykdysadyýetçisi Jan-Fransua Wen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary üçin okuw sapagyny geçirdi. Sapagyň dowamynda salgyt ugruna degişli halkara tejribesine üns çekildi.

Talyplaryň arasynda uly gyzyklanma bilen diňlenilen bu sapagyň iňlis dilinde okadylmagy institutyň talyplarynyň ýokary dil taýýarlygyny görkezýär. Geçirilen umumy sapak ýokary okuw mekdebiniň halkara maliýe guramalary bilen ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň nobatdaky tapgyryna öwrüldi.