
Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa – Hytaý» Sammitine gatnaşdy
Maý 19, 2023
Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji Sammitine gatnaşdy.
Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda öňdebaryjy orny eýelemek bilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine parahatçylygy , howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge saldamly goşant goşýar.
Döwletimiz iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Hytaý» görnüşinde Gazagystan, Gyrgyzystan, HHR, Özbegistan we Täjigistan bilen üstünlikli gatnaşyk edýär.
HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Iri daşary syýasat çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çuň manyly çykyş edip, birnäçe oňyn teklipleri öňe sürdi.
Duşuşygyň barşynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seljerme we syn berildi. Geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.