
Hyzmatlarymyz gözellik paýlasyn!
Dek 18, 2023
Indi 30 ýyla golaý wagt bäri işläp gelýän Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy ata-babalarymyzdan gelýän milli senetçiligimizi häzirki döwürde-de dowam etdirýän ildeşlerimiziň birnäçesini özünde jemläp, öz işlerini hormatly Prezidentimiziň bildirýän talaplaryna laýyklykda alyp barýar. Gaznanyň esasy maksady bolsa gözellige teşne watandaşlarymyzdan gelip gowuşýan sargytlary wagtynda we ýokary hilde berjaý edip, olary şatlandyrmakdan, isleglerini kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.
Ynsan hemişe gözellige teşne. Taryhyň sahypalaryny agdaryp görsek, türkmen zergärleriniň elinden çykan gözellikleri gaýry ýurtly syýahatçylaryň, taryhçylaryň we ýazyjylaryň wasp edendiklerini görmek kyn däl. Dünýä belli akyldar, geljek ýylda doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralary giňden bellenilip geçiljek Magtymguly Pyragynyň hem zergärçilik sungatynyň wekilidigini ýatlap geçmek has guwandyryjy ýagdaýdyr.
Biziň gaznamyz 1994-nji ýyldan bäri ildeşlerimiziň sargytlary boýunça üstünlikli işläp, her gün, her pursatda müşderilerimiziň hoşallygyny gazanmak üçin yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Häzirki wagtda gazna Türkmenabat şäherindäki «Türkmenaltyn» zawody, Aşgabat şäherindäki «Zümerret» zergärçilik önümleri merkezi, «Türkmenaltyn» zergärçilik merkezi, Balkanabat şäherindäki «Göwher Türkmenaltyn», Mary şäherindäki «Tumar-Türkmenaltyn» we Türkmenabat şäherindäki «Altyn älemi» zergärçilik şahamça dükanlary arkaly hyzmat edýär. Gaznanyň garamagyndaky zawodlardyr zergärçilik merkezlerinde öz işiniň ussatlary bolan zergärlerimiz ildeşlerimiziň sargytlary boýunça gözellik döredip, sargytlary öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirýärler.
Gaznamyzyň garamagyndaky merkezlerimiziň we zawodymyzyň häzirki wagtda-da paýtagymyzyň hem-de ýurtdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylaryndan sargytlary yzygiderli kabul edýändigini ýatladýarys. Olarda köne şaý-sepleri gaýtadan dikeltmek, şol sanda ýuwmak, ýylmamak we arassalamak, zynjyrlardyr bilezikleri seplemek, daş oturtmak, ýüzükleriň ölçegini üýtgetmek, müşderilerimiziň öz islegi boýunça (eksklýuziw) zergärçilik önümlerini ýasamak ýaly hyzmatlar ýerine ýetirilýär. Dükanlarymyzda hödürlenilýän önümleriň arasynda bolsa gulakhalkalaryň, kolýeleriň, ýadygärlik sowgatlaryň, ýüzükleriň, bilezikleriň, gülýakalaryň we nyşanlaryň dürli görnüşleri bar.
Ýeri gelende aýtsak, gaznanyň kärhanalarynda öndürilýän önümler we edilýän hyzmatlar barada maglumatlary onuň resmi saýtyndan hem alyp bilersiňiz. Resmi saýt «www.turkmenaltyn.com.tm» salgysynda ýerleşýär.
Ýurdumyzyň her bir raýatynyň islegini kanagatlandyrmak biziň borjumyzdyr! Dükanlarymyzyň gapysy siz üçin hemişe giňden açykdyr!