21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi hem-de degişli ýygymlaryň möçberi tassyklanyldy.

Iýl 20, 2024

“Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy we peýdalanylmagy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi hem-de degişli ýygymlaryň möçberi tassyklanyldy.

 

Çeşme:Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi