Lebap welaýatyna jemagat hojalygy üçin täze tehnikalar gelip gowuşdy
Ýan 16, 2026
Ýurdumyzyň Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine kämil tehnikalaryň 148-si gelip gowuşdy. Olaryň 79-sy awtoulaglar, 7-si ýöriteleşdirilen tehnikalar we 62-si hem dürli maksatlara niýetlenen enjamlardyr.
Birleşigiň işgärleriniň işleriniň netijeliligini has-da artdyrjak, şäheriň görküne görk goşjak ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 15-si zeý suwuny sorujy, 2-si ýokary basyşly lagym ulgamlaryny arassalaýjy, 2-si süpüriji-ýuwujy tehnikalardyr. Şeýle-de zir-zibilleri ýygnamaklyga niýetlenenleriniň 30 sanysy, gidrogaldyryjylaryň 3-si, 24 adamlyk awtobuslaryň 10 sanysy, 1 sany ýük göterijiligi 25 tonna deň bolan awtokran we beýleki görnüşler bar.
Lebap welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň agzybir işgärleri alyp beren kuwwatly, dürli görnüşli ýöriteleşdirilen awtoulaglary, tehnikalary we enjamlary üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.