21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Magtymguly Pyragynyň Aşgabatdaky seýilgäh toplumynda dünýä ebebiýatynyň wekilleriniň heýkelleri ýerleşdiriler

Few 14, 2024

Ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda görnükli türkmen akyldar şahyrynyň kaşaň heýkelinden başga-da, adamzadyň dünýä ruhy hazynasyna giren daşary ýurtly şahyrlardyr akyldarlaryň heýkelleri ýerleşdiriler. Olary belli heýkeltaraş Saragt Babaýew taýýarlaýar

Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda ýadygärligi goýulmaga dalaşgärleriň arasynda Rabindranat Tagor (Hindistan), Iogann Wolfgang Gýote (Germaniýa), Alyşir Nowaýy (Özbegistan), Ýunus Emre (Türkiýe) we beýlekiler bar. Wagty babatda bize has ýakyn döredijilik şahsyýetleri hem bolar, olaryň arasynda Wilýam Şekspir, Onore de Balzak, Fýodor Dostoýewskiý, Çingiz Aýtmatow bar.

Bu işde heýkeltaraşa kärdeşleriniň 11-si ýardam edýär.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»