Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk görülýär
Iýn 13, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza gurajak resmi saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Wise-premýer Türkmenistanyň daşary syýasatynda Aziýa sebitiniň döwletleri, şol sanda Malaýziýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we syýasy dialogyň berk binýady Gahryman Arkadagymyzyň guran döwlet we resmi saparlarynyň dowamynda goýuldy. Bu diplomatik gatnaşyklar döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda täze derejä çykaryldy. Hususan-da, Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga uly itergi berdi. Şeýle hem iki ýurduň halkara guramalaryň çäklerindäki we söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary netijeli häsiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanynyň ýurdumyza boljak resmi saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmekde uly ähmiýete eýedigini aýdyp, bu sapara ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Malaýziýa ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny ilkinjileriň hatarynda goldan döwletleriň biridir. 1992-nji ýylda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar şu güne çenli ýokary derejede ösdürilip, taraplaryň şertnama-hukuk binýady 43 sany resminamadan ybarat bolup durýar.