21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň durnukly ösüş nusgasy Birleşen Milletler Guramasynda beýan edildi

Iýl 15, 2026

Türkmenistanyň wekiliýeti 15-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde EKOSOS-yň umumy pikir alyşmalaryna gatnaşdy we ýurduň durnukly ösüş babatdaky gazanan üstünliklerini hem-de halkara başlangyçlaryny tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Çykyş eden wekiliýet ýolbaşçysy Perhat Ýagşyýew BMG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynda esasy orun eýeleýändigini belledi. Ýurtda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň wezipeleriniň 85 göterimi eýýäm milli meýilnamalara ornaşdyryldy.

Ekologiýa, suw serişdelerini dolandyrmak we howanyň üýtgemegine garşy göreş alyp barmak meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistan sebitde suw meseleleriniň halkara hukugynyň esasynda çözülmegini goldaýar we Merkezi Aziýa üçin Çölleşmä garşy göreş boýunça Sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Ýurt «ýaşyl» ykdysadyýete geçişi we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara borçnamalaryny işjeň durmuşa geçirýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ekologiýa taýdan arassa we döwrebap tehnologiýalar esasynda gurlan Arkadag «akylly» şäheri görkezildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça iri ulag-üstaşyr taslamalaryny durmuşa geçirip, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüşine we halkara söwdasyna goşant goşýandygy bellenildi. Forumyň çäklerinde türkmen wekilleri halkara tejribesini öwrenýärler. Sebäbi bu maglumatlar 2027-nji ýylda görkeziljek Türkmenistanyň üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamakda peýdalanylar.